2015-nji ýylda esaslandyrylan «Ak Bulut» Hojalyk Jemgyýeti Türkmenistanda asma potoloklarynyň we profil ulgamlarynyň önümçiligine başlan ilkinji kompaniýadyr.

Esaslandyrylanyna sanlyja ýyllaryň geçendigine garamazdan, «Ak Bulut» HJ winil çalgyly gips potoloklaryň we alýuminden taýýarlanan asma potoloklaryň dürli görnüşlerini öndürýär.

Häzirki wagtda kompaniýamyzyň önümçilik kuwwaty 4 000 000 m2-abarabar asma potoloklara we 7 000 tonna sinkli metal profillere barabar. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda biziň kompaniýamyzyň önümleri ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylaryna elýeterlidir. Ýakynda bolsa kompaniýamyzyň önümleri daşary ýurtlara eksport edilip başlar. Kompaniýamyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan nusgalyk tagallalaryndan ruhlanyp ýakyn geljekde önümlerimiziň gerimini has-da giňeldip, ata Watanymyzyň abraýyny artdyrmak üçin uly işleri durmuşa geçirýär.

Şeýle-de 2021-nji ýylda biziň kompaniýamyz ISO ülňülerine laýyk gelýän sertifikatlaryň birnäçesine mynasyp boldy. Olaryň arasynda Hil menejmendiň ulgamynyň, ekologiýa menejmendiniň ulgamynyň we Zähmet howpsuzlygy we saglygy goraýyş menejmendiniň ulgamynyň hilini tassyklaýan sertifikatlar bellenip bilner.

«Ak Bulut» kompaniýamyzyň hemişelik müşderileri we hyzmatdaşlary hökmünde ýurdumyzyň dürli ulgamlarda iş alyp barýan edaralaryny, arhitektura, dizaýn bilen meşgullanýan türkmen we daşary ýurt kompaniýalaryny belläp bileris. Elbetde, kompaniýamyzyň esasy hyzmatdaşy biziň zähmetsöýer halkymyzdyr.

«Ak bulut» hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Biziň ýokary hilli önümlerimiziň Siziň ýakyn kömekçiňize öwrüljekdigine ynanýarys!