Biz barada

2015-nji ýylda esaslandyrylan «Ak Bulut» Hojalyk Jemgyýeti Türkmenistanda asma potoloklarynyň we profil ulgamlarynyň önümçiligine başlan ilkinji kompaniýadyr.Esaslandyrylanyna sanlyja ýyllaryň geçendigine garamazdan, «Ak Bulut» HJ winil çal...

2015-nji ýylda esaslandyrylan «Ak Bulut» Hojalyk Jemgyýeti Türkmenistanda asma potoloklarynyň we profil ulgamlarynyň önümçiligine başlan ilkinji kompaniýadyr.

Esaslandyrylanyna sanlyja ýyllaryň geçendigine garamazdan, «Ak Bulut» HJ winil çalgyly gips potoloklaryň we alýuminden taýýarlanan asma potoloklaryň dürli görnüşlerini öndürýär.

Häzirki wagtda kompaniýamyzyň önümçilik kuwwaty 4 000 000 m2-abarabar asma potoloklara we 7 000 tonna sinkli metal profillere barabar. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda biziň kompaniýamyzyň önümleri ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylaryna elýeterlidir. Ýakynda bolsa kompaniýamyzyň önümleri daşary ýurtlara eksport edilip başlar. Kompaniýamyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan nusgalyk tagallalaryndan ruhlanyp ýakyn geljekde önümlerimiziň gerimini has-da giňeldip, ata Watanymyzyň abraýyny artdyrmak üçin uly işleri durmuşa geçirýär.

Şeýle-de 2021-nji ýylda biziň kompaniýamyz ISO ülňülerine laýyk gelýän sertifikatlaryň birnäçesine mynasyp boldy. Olaryň arasynda Hil menejmendiň ulgamynyň, ekologiýa menejmendiniň ulgamynyň we Zähmet howpsuzlygy we saglygy goraýyş menejmendiniň ulgamynyň hilini tassyklaýan sertifikatlar bellenip bilner.

«Ak Bulut» kompaniýamyzyň hemişelik müşderileri we hyzmatdaşlary hökmünde ýurdumyzyň dürli ulgamlarda iş alyp barýan edaralaryny, arhitektura, dizaýn bilen meşgullanýan türkmen we daşary ýurt kompaniýalaryny belläp bileris. Elbetde, kompaniýamyzyň esasy hyzmatdaşy biziň zähmetsöýer halkymyzdyr.

«Ak bulut» hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Biziň ýokary hilli önümlerimiziň Siziň ýakyn kömekçiňize öwrüljekdigine ynanýarys!

2015
Kompaniýanyň Esaslandyrylmagy

"Ak Bulut" HJ Türkmenistanda öňdebaryjy öndüriji bolmak maksady bilen döredildi.

2017
Asma Potolok Zawodynyň Açylyşy

Türkmenistanda we sebitde ilkinji bolup häzirki zaman asma potolok önümçilik desgasyny açdyk.

2019
Önümçilik Kuwwatynyň Giňeldilmegi

Ösýän bazar islegini kanagatlandyrmak we bazar liderligini berkitmek üçin önümçilik kuwwatymyzy ep-esli artdyrdyk.

2021
Täze Önümçilik Liniýasynyň Açylyşy

Önüm portfelimizi giňeltmek üçin öňdebaryjy tehnologiýa bilen täze önümçilik liniýasyny işe goýduk.

2023
Täze Zawodyň Açylyşy

Gipsokartonly we gury gurluşyk garyndylary öndürmek üçin täze zawod açdyk, önüm toplumumyzy we mümkinçiliklerimizi giňeltdik.

2025
Eksportda Täze Ýurtlar

Eksport bazarymyzy täze halkara bazarlara giňeltdik, global gatnaşyklarymyzy we hyzmatdaşlyklarymyzy berkitdik.

2026
10 Ýyllyk Üstünlik

500-den gowrak işgär, 10-dan gowrak ýurtda gatnaşyk we köp sanly halkara sergiler we forumlarda gatnaşmak bilen 10 ýyllyk üstünligi belleýäris.