2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli döwürde Dubaýda EKSPO-2020 geçirildi we eýýäm taryhdaky iň ulularyň birine öwrüldi.
Bütindünýä sergisinde gatnaşyjy ýurtlaryň 192 pawiliony, 200-den gowrak tematiki pawilionlar we her gün dabaralaryň 60-dan gowragy görkezildi.
«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde «Ykjamlylyk» atly tematiki zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň milli pawilýony iki gatdan ybarat bolup, onuň birinji gatynda görkezilýän 270 derejeli 3D ölçegli wideo görnüşde Türkmenistanyň taryhy, gözel tebigaty, milli baýlyklary hem-de häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri beýan edilýär. Ikinji gatynda gurnalan sergi ekspozisiýasy bolsa Türkmenistanyň ykdysady hem-de medeni-durmuş ugurlarynda ösüşleri, dürli pudaklarda amala aşyrylýan özgertmeler we iri möçberli maýa goýum taslamalary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň pawilionynda “Ak Bulut” Hojalyk jemgyýetiniň önümleri hem görkezilip, olar myhmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle uly göwrümli çärä gatnaşmak kärhanamyz üçin uly jogapkärçilige we hormata öwrüldi.