Bu söwda-dynç alyş merkezi 3,8 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr.
«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde köpsanly söwda nokatlaryndan başga-da, onda jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy ýerleşdirilendir. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana hem bardyr.
Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükany ýerleşdirilendir. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketleriň we söwda dükanlarynyň 65-si ýokary häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylandyr.
Mundan başga-da, binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si ýerleşdirilendir.
Merkez döwrebap tehniki enjamlar—amatly liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edilendir.
«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň içinde “Ak bulut” hojalyk jemgiyetiniň akustik asma potoloklarynyň dürli ölçegdäki görnüşleri gurnaldy.