Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

LEBAP WELAYATYNDA "AK BULUT" HOJALYK JEMGYÝETINIIŇ TÄZE ZAWODY: ÝURDUMYZYŇ YKDYSADYÝETI ÖSÜŞINE GOŞANT.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti bedew bady bilen belent derejeleri nazarlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça alyp barýan düýpli işleri işewürlerimiziň tagallalarynyň has-da ilerlemegine mümkinçilik berýär. Bu aladalar «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň durmuşynda hem özüniň mynasyp beýanyny tapýar. «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrjak, täze iş orunlaryny döretmäge şert döretjek, täze gury garyndy gurluşyk materiallaryny öndürjek zawodyň açylmagy ýokarky aýdanlarymyzy sözüň doly manysynda subut edýär.

«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň Lebap welaýatynyň Dostluk şäherinde ýerleşýän täze zawody hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlarynyň hem-de atalyk adalarynyň netijesinde bina edildi. Täze zawod 5 gektar meýdanda ýerleşip, bu ýerde dolandyryş, önümçilik binalary we ammarhana ýerleşýär.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna goşant goşjak zawod Dostluk etrabynyň ýaşaýjylary üçin iş orunlaryny döredip berdi. Bu ýerde zähmetkeş halkymyzyň netijeli we öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Täze zawodyň önümçilik kuwwaty hem ýokary görkezijilere eýedir. Bu ýerde dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gury garyndy gurluşyk materiallarynyň ýylda 50 müň tonnasy öndüriler. Şeýle-de bu ýerde kuwwatlylygy ýylda 4 million m2-a barabar bolan ýokary hilli, ýangyna we suwa çydamly gipsokartondan gurluşyk serişdesi üstünlikli bazara çykarylar. Bu önümler ýurdumyzyň dünýädäki esasy senagat we gurluşyk harytlaryny öndüriji hökmünde abraýynyň has-da artmagyna mümkinçilik berer.

news image
23-09-2022

Türkmenistanda “Ýylyň iň gowy telekeçisi...

news image
13-10-2022

«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi

news image
16-12-2022

Azerbaýjan Respublikasyna eksport

news image
03-07-2023

Arkadag şäheri sanly we akylly tehnolog...

news image
17-04-2025

“Ak Bulut” her hepde Gruziýa 25 ýük awto...

news image
09-05-2025

“Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti Eýran-da ge...

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.