Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» diýen at bilen geçirilen ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisinde ýerleşdirilen pawilýonynda «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň giň mümkinçilikleri aýdyň beýanyny tapdy. Bu ýerde asma potoloklar, akustik asma potoloklar, metal asma potoloklar, sinklenen metal profil önümleri, gipsokartonynyň hem-de gury gurluşyk garyndylarynyň dürli görnüşleri hödürlendi.
«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň pawilýonynda ýerleşdirilen önümler bilen tanyşmak üçin iki döwletiň hökümet işgärleri, Daşkent şäheriniň häkimliginiň işgärleri, Daşkent şäherinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärleri we sergä gatnaşýan myhmanlar geldiler.
Aslynda, «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanda asma potoloklary hem-de profil ulgamlaryny öndürip başlan ilkinji kärhanadygyny bellemek gerek. Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän önümçilik toplumy her ýyl dört million inedördül metr asma potoloklary hem-de ýedi müň tonna sinklenen metal profil önümlerini öndürýär. Hojalyk jemgyýetiniň Lebap welaýatynda açylyp, ulanylmaga berlen zawody bolsa ýylda dört million inedördül metre barabar bolan gipsokartonyny, elli müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny öndürmek kuwwatyna eýelik edýär. Kärhananyň şeýle önümleriň her biriniň birnäçe görnüşini hödürlemegi bolsa onuň daşary ýurt müşderileriň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülmeginiň baş şertidir.
«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň halkara ülňülerine laýyk gelýändigini hojalyk jemgyýetiniň eýe bolan hil babatdaky şahadatnamalary aýdyň tassyklaýar. Hojalyk jemgyýetiniň eksport maksatlarynyň möhüm tapgyryny emele getirýändigine ünsi çekmek gerek. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän önümler Özbegistana, Azerbaýjana, Gyrgyzystana hem-de Gruziýa eksport edilýär.