Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

TÄZE ÖNÜM

“Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti gün-günden döwrebaplaşýar we saglygy goraýyş, gurluşyk we dizaýn pudagynda häzirki zaman ugurlary öwrenýär, bu bolsa kärhanamyzy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berip, şu sebitde asma potoloklary öndürmekde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolup gelýär. Häzirki wagtda “Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti önümçiliginiň gerimini giňeltdi. Şu günki öndürilýän önümler:

  • Gipsokarton (asma potoloklar üçin: 7 mm; 9,5 mm; diwarlar üçin: 9,5 mm; 12,5 mm – standart we çyga çydamly)
  • Gipsokartondan asma potoloklar
  • Gipsokartondan akustik asma potoloklar
  • Metal asma potoloklar
  • Asma potoloklar we diwar üçin gipsokarton profiller
  • Gury garyndy gurluşyk materiallary ( soňky gat timarlaýjy “SATEN”, gruntlama timarlaýjy “SIVA”, gurluşyk gipsi “KARTONPIYER”)

Indi “Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti täze önümlerini: metaldan ýasalan tor görnüşli (setka) panellerini hödürleýär. Çydamlylygy, ýangyna garşy ukyby, çyglyga garşy ukyby we ýagtylygy geçirmek ýaly häsiýetleri sebäpli önümiň bu görnüşi gurluşyk pudagynyň dürli ugurlaryna degişlidir. Metaldan ýasalan tor görnüşli (setka) panelleri ulanylyşy:

  • Asma potoloklar hökmünde;
  • Diwar panelleri hökmünde jaýlaryň içki bezeginde häzirki zaman interýerlerine dizaýn ussatlygy goşar;
  • Merdiwanlar we merdiwan tutawaçlary hökmünde;
  • Mebel işinde;
  • Dükan penjireler, stellažlar we tekjeler önümçiliginde;
  • Binalaryň we desgalaryň daşky bezeginde (asma fasadlar);
  • Haýatlar hökmünde.

Önüm öz aýratynlyklary sebäpli dürli reňklerde hödürlenýär. Önümimiziň bu görnüşiniň içerki bazarda we daşary ýurtlarda öz ornuny tapjakdygyna ynanýarys.

news image
05-10-2022

“Bereketli atyz” hususy kärhanasynyň eda...

news image
18-10-2022

EKSPO-2020

news image
08-04-2023

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi...

news image
13-10-2023

Bişkekde Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgy...

news image
20-01-2024

LEBAP WELAYATYNDA "AK BULUT" HOJALYK JEM...

news image
06-11-2024

"Ak Bulut" hojalyk jemgyýeti “Türkmenist...

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.