Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

"Ak Bulut" hojalyk jemgyýeti “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” halkara sergisine gatnaşdy.

Paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşyk boldy. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezdi. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşdylar.

“Ak Bulut” hojalyk jemgyýeti sergä gatnaşyp we iň döwrebap dünýä tejribesini we ösen tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän çalt ösýän önümçiligine gyzyklanýandygyny tassyklady. Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanda ilkinji bolup asma potoloklary we profil ulgamlaryny öndürip başlan “Ak bulut” hojalyk jemgyýetimiz ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryny, önümlerini görkezmäge we köpugurly serginiň myhmanlaryny dürli ugurlarda hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik aldy. Şeýle hem sergi meýdançasynda hojalyk jemgyýetimiz ýurdumyzda we daşary ýurtda talaby ulalýan önümlerini görkezdi. Onuň içinde täze görnüşli asma potoloklarymyz, akustik asma potoloklarymyz we diwar gaplamalarymyz, gipsokartonyň dürli görnüşleri, gury garyndylarymyz görkezildi. Şeýle-de hem geljekki önümçiliklerimiziň şekil taslamalary görkezildi.

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti üçin şular ýaly halkara forumlar we sergiler önümçilikde we söwda hyzmatlarynda, eksport we import ulgamlarynda ösgermäge uly mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimize, ýurdumyzyň Hökümetine gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmäge berilýän uly üns hem-de ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýäris.

news image
30-09-2022

Balkan welaýatynda geçirilen sergi

news image
26-10-2022

«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi

news image
03-07-2023

Arkadag şäheri sanly we akylly tehnolog...

news image
31-01-2024

TÄZE ÖNÜM

news image
15-04-2025

Türkmenistan EXPO 2025 sergisinde: “Ak B...

news image
27-05-2025

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly...

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.