Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

Türkmenistanda “Ýylyň iň gowy telekeçisi” bäsleşiginiň jemi jemlendi

Sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň barşynda birleşmäniň hususy telekeçileriň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden "Ýylyň iň gowy telekeçisi" bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, 12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan “Derýaplastik”, “Ak bulut”, “Zamana”, “Ýigit” hojalyk jemgyýetleri, “Batly gadam”, “Çaly” hususy kärhanalary bilen birlikde, “TSTB-niň baýry halypa işewüri” ugry boýunça ýeňiji bolan Kakajan Täşliýew, Artykguly Rejepow, Rozmyrat Töräýew, Nurmuhammet Gapurow ýaly tejribeli işewürler hem bar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jemgyýetçilik guramasy bolup, onuň esasy iş wezipesi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, ýurduň milli ykdyýadyýetiniň hususy sektorynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, şeýle hem döwrebap telekeçilik infrastrukturasyny gurnamakdan ybaratdyr.

BIZNES TÜRKMENISTAN

14.04.2022

news image
24-09-2022

Сертификаты ISO

news image
13-10-2022

Türkmenbaşy şäherindäki hassahana

news image
19-10-2022

“Ak bulut” asma potoloklaryny Özbegistan...

news image
26-10-2022

«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi

news image
31-01-2024

TÄZE ÖNÜM

news image
11-07-2025

Täze onüm BOARDLINE

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.